Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň amerikan lideri Donald Tramp bilen duşuşmak mümkinçiligine garalýar. Bu barada ýurduň döwlet Baştutanynyň metbugat kätibi Natalýa Eýsmont TASS habarlar gullugyna habar berdi.
«Tramp bilen duşuşygyň mümkinçiligi öwrenilýär. Prezident ABŞ-nyň Prezidenti bilen halkara gün tertibiniň we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga şat bolardy» diýip, Eýsmont nygtady.