Turkmenportal logo
Şu gün 10:08
41654165
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nepalyň iň ýaş Premýer-ministri kasam kabul etdi
Surat: thewire.in

Nepalyň merkezçi «Milli garaşsyz partiýasynyň» lideri Balendra Şah ýurduň Hökümet başlygy wezipesine resmi girişdi. Bu barada Aziýanyň habar beriş serişdelerine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

«Men Balendra Şah, halkyň we ýurduň adyndan Konstitusiýany berjaý etjekdigime we Premýer-ministriň wezipesinde öz borjumy akýürekli ýerine ýetirjekdigime söz berýärin» diýip, Şah kasam kabul edýärkä aýtdy.

Paýtagt Katmandu şäheriniň öňki häkimi, 35 ýaşly Şah Nepalyň taryhynda iň ýaş Hökümet başlygy boldy, onuň partiýasy saýlawlaryň jemleri esasynda parlamentde orunlaryň 275-sinden 182-sini aldy.

Balendra Şah – hünäri boýunça inžener, emma 2010-njy ýyllarda saz sungatynda işläp başlady. Ol meşhur rep aýdymçysy hökmünde tanalýar. Balendra Şah öz aýdymlarynda, esasan, işsizlik we garyplyk ýaly meselelere ýüzlenýär.