Turkmenportal logo
Düýn 09:09
72347234
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aprel aýynda Türkmenistanda haýsy jemgyýetçilik we medeni çäreler geçiriler?

27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa aprel aýynda Türkmenistanda meýilleşdirilen esasy çäreleriň hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň tertibi barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli çäreleriň we dabaralaryň, şol sanda maslahatlaryň, sergileriň, döredijilik duşuşyklarynyň, wagyz-nesihat çäreleriniň, bäsleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda aprel aýynda Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek we beýleki çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutany wise-premýere medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüni tutmak hem-de ulanmaga bermek dabaralaryny ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.