Turkmenportal logo
Şu gün 09:08
1131911319
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropa tomusky wagta geçýär: Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin nämeler üýtgär

28-nji martdan 29-na geçilýän gijede Ýewropanyň köp ýurtlarynda sagatlar bir sagat öňe süýşüriler — Ýewropada tomusky wagta geçiler.

Bu geçişden soň Aşgabat bilen Merkezi Ýewropanyň arasyndaky wagt tapawudy dört sagatdan üç sagada çenli azalar, Beýik Britaniýa bilen bolsa wagt tapawudy bäş sagatdan dört sagada geçer. Bu ýagdaý Türkmenistandan Ýewropadaky wakalary yzarlaýanlaryň ählisine täsir eder: göni ýaýlymlar, onlaýn duşuşyklar we ýewropaly hyzmatdaşlar bilen telefon arkaly gepleşikler indi ýerli wagt boýunça bir sagat öň geçirilmeli bolar.

Ýewropada tomusky wagt oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesine çenli dowam eder.