Turkmenportal logo
Şu gün 08:47
64076407
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Russiýanyň kinosynyň festiwaly «Buratino» ertekisiniň häzirki zaman ekranlaşdyrylyşy bilen açyldy

Aşgabatda Russiýanyň kinosynyň festiwaly «Buratino» atly filmiň — şol bir atdaky ertekiniň häzirki zaman ekranlaşdyrylyşynyň görkezilişi bilen açyldy — diýip, Turkmenportal neşiriniň žurnalisti habar berýär.

Açylyş dabarasy paýtagtymyzyň «Arkaç» kinoteatrynda geçirildi. Festiwal «Roskino» tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hem-de iki ýurduň medeniýet ministrlikleriniň goldaw bermegi bilen guraldy.

«Paýtagtymyzda häzirki zaman Russiýanyň kinosy bilen tomaşaçylaryň duşuşygy ilkinji ýyl geçirilmeýär. Şeýle ýagşy däbiň emele gelendigine tüýs ýürekden begenýärin. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň we Türkmenistanyň doganlyk halklarynyň arasynda medeniýetara dialogy hem-de dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýän ynsanperwer başlangyçlarymyza üznüksiz goldaw berýändigi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirmek isleýärin» — diýip, RF-nyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkiniň gutlagy okaldy. Ony ilçihananyň uly geňeşçisi Stanislaw Spal okady.

Festiwalyň maksatnamasynda maşgala kinolary we animasiýa filmler bar: «Buratino», «Doktor Dinozawrow», «Şa gyzy-gurbaga» we «Gnomlaryň hazynasy». Filmleriň görkezilişi 29-njy marta çenli dowam eder.