Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler dürli derejelerde yzygiderli we mazmunly gepleşikleri alyp barmagyň möhümdigini nygtadylar hem-de agzalan ugurda hereket edýän hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň ýokary netijeliligini bellediler. Hususan-da, Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň işiniň, şol sanda onuň her ýyl geçirilýän mejlisleriniň netijeliligi aýratyn nygtaldy.
Geçen ýylyň netijeleri boýunça bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini we amaly gatnaşyklaryň giňeldilýändigini görkezýän oňyn netijeleriň gazanylandygy bellenildi.
Taraplar ikitaraplaýyn ykdysady gün tertibiniň uly mümkinçiliklere eýedigini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin şol mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň, şeýle hem durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek we özara söwda dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy diýlip, habarda bellenilýär.