Turkmenportal logo
Düýn 21:50
62596259
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we UNFPA 2030-njy ýyla çenli Ýurt maksatnamasyny amala aşyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebitleýin direktory hanym Florens Bauer, şeýle hem UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt direktory hanym Çinwe Ogbonna bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň ÝUNFPA bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini bellediler.

2026 — 2030-njy ýyllar üçin UNFPA-nyň Türkmenistan boýunça Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem reproduktiw we enäniň saglygyny goramak, gender deňligini ilerletmek we ýaşlaryň arasynda sagdyn jemgyýetçilik kadalaryny kemala getirmek ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi.

Şonuň ýaly-da, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şeýle hem 2026 — 2030-njy ýyllar üçin bu Meýilnamanyň nobatdaky tapgyrynyň işlenip taýýarlanylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirip, täze Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.