Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi Eýranyň raýatlarynyň watanyna dolanmagyna görkezilen ýardam hem-de ynsanperwer goldawy üçin Türkmenistana resmi taýdan minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy öz resmi Telegram sahypasynda habar berdi.
Aragçiniň sözlerine görä, daşary ýurtlarda bolan köp sanly eýranlylaryň watanyna dolanmakda kynçylyk çekýän döwründe Türkmenistan beýleki birnäçe döwletler — Owganystan, Azerbaýjan, Ermenistan, Türkiýe, Saud Arabystany we Pakistan bilen birlikde olaryň ýurduna dolanmaklaryna işjeň goldaw berdi.
Mundan başga-da, ministr hyzmatdaş döwletleriň ynsanperwer kömeginiň, şol sanda derman serişdeleriniň we azyk önümleriniň üpjün edilmegine goşan goşandyny aýratyn belledi. «Biz kömek bermek isleýän islendik döwleti goldadyk, bu diňe kömegiň zerurlygy üçin däl-de, eýsem eýran halky bilen jebisligi görkezmek üçindir» — diýip, Aragçi belledi.
Ozal, 23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Gepleşikde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Nowruz baýramy mynasybetli gutlag alyşdylar. Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda eýran tarapy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Eýranyň çagalaryna iberilen ynsanperwer kömek üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda ynsanperwer ugrunyň ähmiýetini aýratyn nygtady.