Turkmenportal logo
Şu gün 14:12
16331633
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýada dükanlar azalýar
Surat: shopping.traveltheworld

Germaniýada bölek söwda dükanlarynyň sany azalmagyny dowam edýär we görkeziji ýurt birleşenden bäri ilkinji gezek, 2026-njy ýylda 300 müňe çenli kemelip biler. Bu barada «BILD» agentligine salgylanýan «Kabar.kg» habar berdi.

Germaniýanyň Söwda bileleşiginiň (HDE) çaklamasyna laýyklykda, söwda nokatlary ýene takmynan 4900, ýagny 296 600 birlige çenli azalar. 2015-nji ýylyň aýagyna çenli bazar täze nokatlaryň açylandygyna garamazdan, 70 müňe golaý dükany ýitirdi.

Bölek söwdada häzir batmagyň derejesi soňky onýyllykda iň ýokary derejede bolmagynda galýar. Öz dükanlarynyň ýapylýandygyny yglan eden kompaniýalaryň hatarynda Eterna, Pieper, Görtz, Gerry Weber, Wormland, şeýle-de Depot we Kodi söwda torlary bar.

Bilermenler bu ýagdaýy onlaýn söwdanyň ösüşi we sarp ediş işjeňligiň pese gaçmagy bilen baglaýarlar. Ýagny HDE-niň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda internet satuwlar takmynan 3,5 göterim artdy.