Angliýanyň «Liwerpul» klubynyň müsürli hüjümçisi Mohamed Salah häzirki möwsüm tamamlanandan soň topary terk etjekdigini mälim etdi. Bu barada futbolçy özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýerleşdiren wideo ýüzlenmesinde habar berdi.
«Gynansak-da, bu gün ahyry gelip ýetdi. Möwsümiň ahyrynda «Liwerpuly» terk ederin. Ilki bilen şuny aýtmak isleýärin: bu klubuň, bu şäheriň, bu adamlaryň durmuşymyň şeýle möhüm bölegine öwrüljekdigini hiç wagt göz öňüne getirip bilmändim» — diýip, Salah beýan etdi.
Futbolçy çykyş eden döwründe kluba dahylly bolanlaryň hemmesine — bu klubyň öňki we häzirki agzalaryna, birnäçe ýylyň dowamynda bile oýnan ýoldaşlaryna, şeýle hem ähli janköýerlerine minnetdarlyk bildirdi.
Mohamed Salah 2017-nji ýyldan bäri «Liwerpul» toparynda çykyş edýär. Bu döwürde 33 ýaşly hüjümçi iki gezek Angliýanyň çempiony boldy, Angliýanyň Kubogyny, Liganyň Kubogyny we Superkubogyny gazandy. Şeýle-de ol UEFA-nyň Çempionlar ligasynda, UEFA-nyň Superkubogynda hem-de Klublaryň arasynda