Turkmenportal logo
Şu gün 11:20
22402240
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu gün Türkmenistanda gowaça ekişine girişilýär

Türkmenistanyň Prezidenti 20-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gowaça ekişi möwsümine ak pata bermegi bilen şu gün — ýurduň ähli welaýatlarynda gowaça ekişine girişilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Şu ýyl ýurduň Ahal welaýatynda gowaçanyň orta süýümli «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Jeýhun» we inçe süýümli «Ýolöten — 14» sortlary, Balkan welaýatynda orta süýümli «Ýolöten — 7», «Jeýhun» sortlary, Daşoguz welaýatynda orta süýümli «Daşoguz — 114», «Daşoguz — 120», «Jeýhun» we «F — 149» sortlary, Lebap welaýatynda orta süýümli «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Ýolöten — 53», «S — 2606», «Garaşsyzlyk — 30» sortlary, Mary welaýatynda orta süýümli «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Ýolöten — 53», «Ýolöten — 50», «TOHU — 17» we inçe süýümli «Ýolöten — 14» sortlary ekiler.