«Italiýa – Merkezi Aziýa (C5) + Azerbaýjan» halkara forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary Berkeli Berkeliýew Özbegistanyň oba hojalyk ministri Ibrohim Abdurahmonow bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar agrar ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, tejribe alyşmagyň we bilelikdäki taslamalary giňeltmegiň geljegini maslahatlaşdylar. Gowaça tohumçylygy pudagyndaky bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmaga, ony sebitler boýunça paýlamaga we ýokary hasylly görnüşleri ulanyşa ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi. Bu barada «Uzdaily» ýazýar.
Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak gepleşikleriň möhüm ugry boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmek, innowasion çözgütleri iş ýüzünde ulanmak we daýhanlara döwrebap agrotehnologiýalary öwretmek barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem daýhanlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça synag taslamalarynyň amala aşyrylmagynyň hasyllylygy artdyrmaga we oba hojalygynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döretjekdigi bellenildi.
Gepleşikleriň netijesinde iki tarap hem yzygiderli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge we agrar sektory döwrebaplaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.