Turkmenportal logo
Düýn 23:44
64816481
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ugandanyň DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçiriler
Surat: Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Genri Oriýem Okellonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-uganda hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtap, taraplar Türkmenistanyň we Uganda Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň birinji tapgyryny 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda geçirmäge bolan özara gyzyklanmasyny tassykladylar.

Halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş meseleleri boýunça iki ýurduň tagallalaryny utgaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we işewür hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljegine, hususan-da oba hojalygy, nebitgaz ulgamy we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin platformany döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Şeýle hem bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.