Turkmenportal logo
Şu gün 17:12
84788478
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Abraýly Watan» Belarusyň 13 uniwersitetine resminamalaryň kabul edişligini dowam etdirýär

«Abraýly Watan» hususy kärhanasy Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa kabul etmek möwsümini dowam etdirýär.

Türkmenistanly dalaşgärler üçin lukmançylyk, maglumat tehnologiýalary, inženerçilik we ynsanperwer ugurlar boýunça bilim maksatnamalary henizem elýeterli bolup galýar.

Hyzmatdaş uniwersitetler:

• Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti 
• Gomeliň döwlet lukmançylyk uniwersiteti
• Grodnonyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti
• Witebskiniň döwlet lukmançylyk uniwersiteti
• Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti
• Belarus milli tehniki uniwersiteti
• Belarus döwlet tehnologiýa uniwersiteti
• Belarus döwlet daşary ýurt dilleri uniwersiteti
• Grodnonyň Ýanka Kupala adyndaky döwlet uniwersiteti
• Gomeliň Fransisk Skorina adyndaky döwlet uniwersiteti
• Poloskiniň Ýefrosiniýa Poloskaýa adyndaky döwlet uniwersiteti
• Witebskiniň P.M. Maşerow adyndaky döwlet uniwersiteti
• Brestiň A.S. Puşkin adyndaky döwlet uniwersiteti

«Abraýly Watan» kompaniýasynyň wekilleriniň bellemegine görä, Belarusyň ýokary bilim ulgamynyň esasy artykmaçlyklary şulardan ybaratdyr:

• elýeterli bahalar bilen ýokary hilli bilim;
• rus ýa-da iňlis dilinde bilim almak mümkinçiligi;
• döwrebap bilim usullarynyň we tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy.

Kompaniýa dalaşgärlere ähli tapgyrlarda doly goldaw berýär — hünär saýlamak boýunça maslahat berişden başlap, resminamalary taýýarlamak we okuwa ýerleşdirmek işlerine çenli ýardam edýär.

Maglumat üçin: hyzmatdaş uniwersitetleriň ählisi halkara reýtinglere girýär hem-de GDA-nyň ýurtlarynda we olaryň daşynda giňden ykrar edilýär.

«Abraýly Watan» bilen habarlaşmak üçin:

Telefonlary:
• (+993 65) 05 72 75
• (+993 64) 05 72 75
• (+993 63) 27 72 75
• (+993 62) 94 48 22

E-poçta: abraylywatan2024@gmail.com

Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan köçesi, jaý 120/1.