Turkmenportal logo
Şu gün 17:01
56135613
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Britaniýada 14 million dollar lotereýa utuşynyň eýesi gözlenýär
Surat: sb.by

Beýik Britaniýada 10,6 million funt sterling (14 mln dollardan gowrak) lotereýa utuşynyň eýesi gözlenýär, ýeňijiniň puluny almagy üçin iki hepde möhlet galdy. Bu barada «Daily Mirror» gazetine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

Lotereýa oýny 2025-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda geçirilipdir. Şonda bir adam ähli alty belgini hem bilmegi başarypdyr. Emma ol henize çenli özüniň bu utuşy barada bilýän däl bolmaly diýip, DM ýazýar. Lotereýa oýnunyň guramaçylary bu petegiň Londonyň Beksli etrabynda satyn alnandygyny anykladylar.

Beýik Britaniýanyň Milli lotereýasynyň düzgünlerine görä, eýeleriniň utuşlaryny almagy üçin 180 gün bellenen. Eger bu möhletden geçse, eýesi utuşyny alyp bilmeýär. Neşir 2-nji aprelde bu möhletiň tamamlanýandygyny habar berdi.

Lotereýanyň wekilleri Beksli etrabynyň köçelerine ses gataldyjyly çykyp, ýörite ýük ulagynda petegiň eýesini gözleýärler.