Turkmenportal logo
Şu gün 16:44
17881788
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Polşaly sürüjilik şahadatnamasy üçin 139-nji gezekde usuly synagdan geçdi
Surat: iz.ru

Polşanyň Tarnaw şäheriniň ýaşaýjysy 139-njy gezekki synanyşygynda sürüjilik şahadatnamasyny edindi. Bu barada Malopolsk etrabynyň ýol hereketi merkeziniň wekiline salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Ol ilkinji gezek synaga 2017-nji ýylda gatnaşypdyr we dokuz ýyllap yzygiderli synanyşyk edipdir. Soň görlüp oturylsa, ol doly okuw gollanmasy däl-de, hemme synag sowallaryny öz içine almaýan nusga boýunça taýýarlanypdyr. Erkek kişi ähli sowallar beýan edilen gollanma boýunça taýýarlanyp gelende, onuň alan netijesi gowulanypdyr we usuly synagdan geçmegi başarypdyr. Indi ol amaly synaga ýazylyşypdyr.