Turkmenportal logo
Şu gün 14:54
61986198
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanyň ilçisi türkmen talyplaryny hindi ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 24-nji martda Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen dabaraly çäre geçirmek bilen, ITEC Day-2026 gününi belledi. Duşuşyga ITEC maksatnamasynyň we ICCR talyp haklarynyň uçurymlary, şeýle hem diplomatik we bilermenler bileleşiginiň wekilleri ýygnandy.

Çäräni Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbabu açdy. Ol öz çykyşynda Hindistanyň ITEC tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň 1964-nji ýylda döredilendigini we şu güne çenli Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň hyzmatdaş ýurtlaryň mümkinçiliklerini ösdürmek ugrundaky esasy meýdançalarynyň biri bolup galýandygyny belledi. Ilçiniň sözlerine görä, geçen ýyllaryň dowamynda bu maksatnamanyň çäklerinde dünýäniň 160 ýurdunyň 225 müňden gowrak döwlet gullukçysy hünär taýýarlygyny geçdi. Bu işde Türkmenistan hem möhüm orun eýeleýär: 500-den gowrak türkmen hünärmeni we takmynan 100 harby gullukçy Hindistanyň öňdebaryjy okuw mekdeplerinde bilim aldy.

Ilçi şeýle hem ýokary bilim ulgamynda Hindistanyň artýan ornuny belläp geçdi: Türkmenistandan 200-den gowrak talyp Hindistanyň medeni gatnaşyklar boýunça geňeşiniň (ICCR) talyp haklaryndan peýdalandy, ýene-de her ýyl takmynan 100 türkmen talyby täjirçilik esasynda hindi ýokary okuw mekdeplerine okuwa girýär. Wilsonbabu türkmen ýaşlaryny Hindistanda hödürlenýän ýokary hilli we elýeterli ýokary bilim mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmaga çagyrdy.

Çäräniň möhüm bölegi ITEC we ICCR maksatnamalarynyň uçurymlarynyň çykyşlary boldy. Olar Hindistanda alan bilim tejribeleri bilen paýlaşyp, gazanan bilimleriniň öz hünär işlerinde nähili peýdalanylýandygyny gürrüň berdiler.

Dabaraly çäre medeni maksatnama bilen utgaşdyryldy: myhmanlar hindi sazlary we tans sungaty bilen tanyşdylar, şeýle hem ýoga boýunça görkezme çykyşyna tomaşa etdiler.