Turkmenportal logo
Şu gün 14:16
46184618
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Maksatly Türkmen» kottejleriň gurluşygy üçin ähli zerurlyklary üpjün edýär

«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti kottejleriň we hususy jaýlaryň eýelerine toplumlaýyn çözgüt hödürleýär: bir kompaniýanyň çäklerinde penjireleri we gapylary, germewleri, markizleri, roletleri, awtomatiki seksion derwezeleri, şeýle hem jaýlaryň we binalaryň ýüz tarapyny aýna bilen örtülmegini sargyt edip bolýar. Bu bolsa birnäçe potratçylara ýüz tutmagyň zerurlygyny aradan aýyrýar.

Kompaniýa häzirki zaman tehnologiýalaryna aýratyn ähmiýet berýär: onuň sanawyndaky gurluşlaryň köpüsi awtomatlaşdyrma ulgamyny goldaýar. Munuň netijesinde derwezeleri, žalýuz perdelerini we saýawan şekilli örtükleri «akylly öý» ulgamynyň çäginde bitewi dolandyrmaklyga mümkinçilik berýär. Şeýle-de işleriň amatlylygyna aýratyn üns berilýär: markizler terassalary gün şöhlesinden we ýagyşdan goraýar, roletler döwülip girilmeginden we daşky seslerden goragy üpjün edýär, aýna bilen düzümleýin örtmek bolsa binanyň daşky keşbini düýpgöter üýtgedýär.

«Maksatly Türkmen» ähli işleri doly tapgyr boýunça — ölçeg almak üçin hünärmeniň baryp görmeginden başlap, kämil derejede gurnama we kepillik hyzmatlaryna çenli amala aşyrýar. Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, şeýle çemeleşme dürli potratçylaryň arasynda ýüze çykyp biljek kemçilikleri we düşünişmezlikleri aradan aýyrýar hem-de taslamanyň ýerine ýetiriliş möhletini gysgaldýar.

Habarlaşmak üçin:

• salgysy: Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi, 28-nji jaý;
• telefon belgileri: 75 41 11, 19 41 11, 59 53 33, 14 53 33;
• sosial ulgamdaky sahypasy.