22-nji martda Stambul şäheriniň merkezi Fatih etrabynda iki ýaşaýyş jaýy ýykyldy, halas işlerine girişildi diýip, «A Haber» teleýaýlymyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.
Habarda bellenişi ýaly, ýykylan binalaryň aşagynda näçe adamyň bardygy belli däl. Teleýaýlym jaýlar gazyň syzmagyndan ýa-da pes hilli gurluşyk serişdelerinden gurulmagy sebäpli ýykylan bolmaly diýip çaklaýar. Şeýle hem Stambulda üç gün bäri yzyny kesmän ýagyş ýagýandygy bellenýär.