Turkmenportal logo
Şu gün 07:15
1062210622
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen duşuşdy.

Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň golaýda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparyna aýratyn ähmiýet berildi. Şol saparyň çäklerinde HHR-nyň Başlygy Si Szinpin bilen netijeli we dostlukly duşuşygyň geçirilendigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar agzalan saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.