Turkmenportal logo
Düýn 08:43
86988698
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň milli güni mynasybetli gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge hem-de ony täze derejä çykarmaga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, rowaçlyk, Pakistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.