Turkmenportal logo
Düýn 08:37
70557055
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary üçin aprel aýynda ders olimpiadalary geçiriler

Aprel aýynda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda matematika, himiýa we informatika dersleri boýunça olimpiadalar guralar.

Bäsleşikleri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti geçirýär diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Olimpiadalara gatnaşmaga isleg bildirýän ähli okuwçylar gatnaşyp biler, gatnaşyjylaryň sany çäklendirilmeýär.

Olimpiadalaryň birinji tapgyry 9–11-nji aprel aralygynda onlaýn görnüşde geçiriler. Birinji tapgyrdan üstünlikli geçen okuwçylar ikinji, jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrylar.

Olimpiadalaryň final tapgyry 25-nji aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binasynda geçiriler.

Olimpiadalara gatnaşmak isleýänler 4-nji aprele çenli guramaçylyk toparyna bellenen nusga laýyklykda okuwçylar baradaky maglumatlary ibermelidir.

Guramaçylyk toparynyň kararyna laýyklykda, bäsleşiklerde ýokary netijeleri görkezip, baýrakly orunlary eýelän okuwçylar Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine okuwa girmekde artykmaçlyga eýe bolarlar.

Geljekde geçiriljek ders bäsleşikleri baradaky giňişleýin maglumat uniwersitetiň resmi saýtynda ýerleşdirilendir.