Türkmenistanyň ylgaw jemgyýeti Run Rush Turkmenistan toparynyň bäş wekili 2026-njy ýylyň 22-nji martynda Wýetnamda geçiriljek «Da Nang International Marathon» ýaryşyna gatnaşar.
Danang şäherindäki bu marafon sebitde iň meşhur ylgaw çäreleriniň biri hasaplanýar. Ýaryşa dünýäniň dürli ýurtlaryndan 9 müňden 10 müňe çenli ylgawçynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Marafonyň ugry Mi Khe kenar ýakasy bilen geçip, şäheriň köprüleriniň üstünden dowam eder we gatnaşyjylara täsin tebigy gözellikleri hödürlär. Ýaryşa gatnaşyjylar üçin üç dürli aralyk saýlanyp bilner: 42 km, 21 km we 5 km.
Bu ýaryşda Türkmenistana bäş türgen wekilçilik eder:
• Jamil Kulyýew we Jennet Nurjanowa 5 km aralykda çykyş ederler;
• Merjen Mämmetýazowa we Razzak Kazakow ýarym marafony — 21 km aralygy ylgap geçerler;
• Timur Gulmuradow bolsa doly marafona — 42 km aralyk boýunça ýaryşa gatnaşar.