Turkmenportal logo
Düýn 17:15
86388638
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy

Geçen hep­de­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 34-si ha­sa­ba alyn­dy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 9 mil­lion dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Tür­ki­ýä­niň, Gru­zi­ýa­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len po­lip­ro­pi­le­ni we bin­ýat­lyk ýa­gy sa­tyn al­dy­lar. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Tür­ki­ýä­niň, Es­to­ni­ýa­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň te­le­ke­çi­le­ri­ne jins önüm­le­ri, dok­ma önüm­çi­li­gi­niň ga­lyn­dy­la­ryn­dan di­kel­di­len sü­ýüm, nah ýüp­lük we ma­ta, ga­ra­kö­li ýü­ňi, bug­daý uny ýer­le­nil­di. 

Ýur­du­ň işe­wür­le­ri içer­ki ba­zar üçin je­mi ba­ha­sy 229 mil­lion 413 müň ma­nat­dan gow­rak bo­lan po­lip­ro­pi­le­ni we bin­ýat­lyk ýa­gy («Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni), teh­ni­ki kü­kür­di («Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni), pag­ta soaps­to­gy­nyň dis­til­lir­len­me­dik çig ýag tur­şu­ly­gy­ny, bo­ýa­lan tüý­jü­mek ma­ta­ny, ýü­pek we nah ma­ta­ny, bug­daý unu­ny sa­tyn al­dy­lar.