Turkmenportal logo
Düýn 09:53
97929792
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Aşgabat» stadiony: indi sport meýdançalaryny onlaýn görnüşde sargyt edip bolýar

Indi «Aşgabat» köpugurly stadionynyň sport hyzmatlaryny öýden çykman sargyt edip hem-de tölegini töläp bolýar. Degişli hyzmat e.gov.tm elektron hyzmatlar portalynda işe girizildi we Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin elýeterlidir.
Portal arkaly şulary kärendesine alyp bolýar:

  • futbol meýdançalary;

  • ýapyk basketbol we woleýbol meýdançalary;

  • tennis kortlary;

  • başa-baş göreş sungaty boýunça zallar (dzýudo, göreş);

  • agyr atletika bilen meşgullanmak üçin otaglar;

  • ýeňil atletika üçin ylgaw ýodalary;

  • boks üçin ýöriteleşdirilen zallar;

  • ýüzmek üçin howuz.

Hyzmatdan peýdalanmak üçin e.gov.tm portalyna girip, «Sport we medeniýet» bölümine geçmeli — diýip, «Türkmentelekom» habar berýär.
Bu girizilen täzelik aşgabatlylar üçin sport bilen meşgullanmagy has-da elýeterli eder.