Türkmenistanda balyk ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan «Täze balyk» hojalyk jemgyýeti 2025-nji ýylda ýurduň dört suw howdanynlaryna we köllerine senagat maksatly tohumlaryň körpeje balyklarynyň jemi 12 253 kilogramyny goýberdi. Bu körpeje balyklar Hanhowuz we Saryýazy suw howdanlaryna, şeýle hem Mary we Ahal welaýatlarynyň çäkleriniň kesişýän ýerindäki iň uly tebigy kölleri bolan Hanguýy we Jar köllerine goýberildi.
Körpeje balyklaryň 4959 kg-lyk iň uly tapgyry — 16500 gektardan gowrak meýdany bolan, Tejen we Murgap etraplarynyň çäklerinde ýerleşýän Hanhowuz suw howdanyna goýberildi. Jar kölüne 3958 kg, Saryýazy suw howdanyna 2726 kg we Hanguýy kölüne 610 kg ýaş balyk goýberildi. Bu işler suw bioserişdelerini goramak, köpeltmek we tutmak boýunça şertnamanyň çäklerinde ýerine ýetirildi.

2023-nji ýylyň aprelinde esaslandyrylan kompaniýa ýedi görnüşli balyk ösdürip ýetişdirýär: kepir, gara, amur, taran, daban, çohan, ýylan kelle. Bu görnüşler kompaniýanyň ygtyýaryndaky suw howdanlarynyň tebigy şertlerine baglylykda saýlanandyr. «Täze balyk» hojalyk jemgyýeti yllyk kuwwaty 300 tonna deň. Balyklar üçin iým «Täze aý» önümçilik kompaniýasy tarapyndan üpjün edilýär, weterinariýa we sanitariýa gözegçiligi bolsa Mary welaýatynyň ugurdaş gulluklary bilen şertnama esasynda amala aşyrylýar.
Kompaniýada 191 adam işleýär. Geljekde «Täze balyk» hojalyk jemgyýeti içerki bazara we eksporta gönükdirilen taýýar we ýarym taýýar balyk önümleriniň, şeýle hem dermanlyk balyk ýagynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.
Şeýle hem ýatladyp geçsek, kärhana öz önümlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanyp 17–19-njy mart aralygynda Aşgabatda geçiriljek sergide hem görkezjekdigini mälim etdi.