Turkmenportal logo
Düýn 10:09
1283712837
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýerde uzak wagtlyk magnit tupanlary başlandy
Surat: gazeta.ru

Düýn – 13-nji martda Aýda emele gelen koronal deşik sebäpli, Ýerde uzak wagt dowam etjek geomagnit tolgunmalary başlandy. Bu barada Russiýa YA-nyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasy öz «Telegram»-ýaýlymynda habar berdi.

Gije-gündiziň dowamynda Ýere tarap gelýän Gün şemalynyň tizliginiň artjakdygy bellenýär. Soňra geomagnit görkezijileri ýokarlanyp başlanar. Çaklamalara görä, durnuksyz geomagnit ýagdaý apreliň ortalaryna çenli dowam eder.

Astronomlar bu üýtgeşmeleriň sebäpkäriniň Günde oňat saýgardýandygyny belleýärler, ol uly koronal deşik bolup, günorta guşaklykdan demirgazyga çenli uzap gidýär. Häzirki koronal deşik uzak wagt bäri Günde saklanyp gelýär, ol geçen aýda aždarhanyň keşbini ýatladyp, Gün tegeleginden aýlanypdy.