Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge gönükdirilen Karara gol çekdi. TDH agentliginiň habar bermegine görä, bu resminama ýurduň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen kabul edildi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu baradaky degişli hasabat bilen wise-premýer G.Agajanow çykyş etdi. Wise-premýer konserni döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada habar berdi we döwlet Baştutanynyň garamagyna Kararyň taslamasyny hödürledi.
Kabul edilen çäreler iri nebit we gaz ýataklarynyň bökdençsiz hem-de netijeli ulanylmagyny üpjün etmäge, şeýle hem gözleg-buraw işlerini geçirmäge we täze meýdançalary özleşdirmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we buraw işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ulgamlaýyn häsiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutany Karara gol çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Resminama laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konsernine önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek tabşyryldy.