Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalaryň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alnyp, şeýle hem Oraza aýy we mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna, ilkinji nobatda bolsa çagalaryna ynsanperwerlik ýüki iberiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň resminamasyna laýyklykda, Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna, ilkinji nobatda bolsa çagalaryna dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerinden hem-de beýleki önümlerinden ybarat ynsanperwer ýüki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ibermek bellenildi.