Turkmenportal logo
Düýn 16:43
1347013470
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nowruz baýramy mynasybetli Belet platformasy «Sowgat iber» funksiýasyny ýatlatdy

Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Belet platformasy ulanyjylara 2026-njy ýylyň ýanwaryndan bäri ykjam goşundysynda elýeterli bolan «Sowgat iber» atly funksiýa barada ýatlatdy. Bu hyzmat platformanyň beýleki ulanyjylaryna abuna tölegini geçirmäge niýetlenen sowgat serişdelerini ibermäge mümkinçilik berýär.

Bu funksiýa ýakynlaryňyzy sanly sowgat bilen begendirmäge mümkinçilik berýär. Iberilen serişdeleri alyjy diňe Belet platformasynyň abunasyny tölemek üçin ulanyp biler.

Ulanyjylara 50, 100, 200 we 500 manat möçberindäki sowgat pullary elýeterlidir. Sowgat ibermek üçin goşundynyň içinde hasaba alnan alyjynyň ykjam telefon belgisiniň görkezilmegi ýeterlikdir.

Kompaniýanyň belleýşi ýaly, Nowruz baýramynyň dowamynda bu funksiýa dostlary we garyndaşlary gutlamak, olara platformanyň mazmunyna elýeterlilik sowgadyny bermek üçin amatly usul bolup biler.