Turkmenportal logo
Düýn 22:28
60516051
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyryna badalga berildi

Mekdep okuwçylaryň arasynda okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyryna badalga berildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Altyn asyryň altyn zehinleri» atly mekdep okuwçylarynyň ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. 1400-e golaý okuwçy himiýa we biologiýa boýunça Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar, astronomiýa boýunça Türkmen döwlet, informatika, rus dili, iňlis dili boýunça Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetlerinde, türkmen dili we edebiýaty boýunça Türkmen oba hojalyk, geografiýa we taryh boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk, matematika we fizika boýunça Döwlet energetika institutlarynda bäsleşerler. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilýän bu bäsleşik okuwçylaryň ylmy gözlegleriniň netijeleriniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.