Turkmenportal logo
Düýn 17:16
1580715807
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Nowruz baýramy mynasybetli täsirli çykyşlar taýýarlanylýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli çagalar üçin ýörite maksatnamany taýýarlady. Gyzykly görkezişler 2026-njy ýylyň 23–28-nji marty aralygynda her gün geçiriler.

Maksatnama boýunça halkara derejesinde türkmen sirk sungatyny wagyz edýän «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» topary çykyş eder. Tomaşaçylar masgarabaz-akrobatlaryň, howa gimnastlarynyň, ekwilibrstleriň we žonglýorlaryň çykyşlaryny görüp bilerler.

Baýramçylyk maksatnamasy alty gün dowam eder we hepdäniň ähli günlerinde geçiriler. Goşmaça maglumatlar we biletler boýunça şu telefon belgileri bilen habarlaşyp bilersiňiz: 39‑80‑44; 39‑80‑45; 39‑80‑46; 36‑10‑95.

Nowruz — tebigatyň täzelenmegini, gündiz bilen gijäniň deňlenýändigini we Gün hasaby boýunça täze ýylyň başlanýandygyny alamatlandyrýan Türkmenistanyň esasy milli baýramlarynyň biridir.