2026-njy ýylyň Geljegiň oýunlary 29-njy iýuldan 9-njy awgusta çenli Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriler — diýlip, fijital sport boýunça ýaryşyň resmi saýtynda habar berilýär.
Maksatnamanyň düzümine sekiz ugur girer: fijital futbol, fijital basketbol, fijital şuter, fijital tans, fijital göreş, MOBA görnüşindäki ykjam we kompýuter oýunlary, şeýle hem fijital elementleri bolan «batl-roýal» görnüşindäki oýunlar bolar.
Ýaryşyň baýrak gaznasy 4,75 million dollara barabar bolar. Ýaryşlara 900-den gowrak türgen gatnaşar. Bäsleşikler «Barys Arena» we ýene-de dört sport desgasynyň meýdançalarynda geçiriler.
Geljegiň oýunlary — fiziki (physical) we sanly (digital) ugurlary birleşdirýän fijital konsepsiýasyndaky halkara ýaryşlardyr. Bu konsepsiýa adaty sporty kibersport we VR/AR tehnologiýalary bilen utgaşdyrýar. Ilkinji Geljegiň oýunlary 21-nji fewral — 3-nji mart aralygynda Kazanda we Soçide geçirilip, 107 ýurtdan 2 müňden gowrak türgen gatnaşypdy; onuň baýrak gaznasy 10 million dollara barabar boldy. Ikinji oýunlar 18–23-nji dekabr aralygynda Abu-Dabide (BAE) geçirildi.