Turkmenportal logo
Düýn 16:16
1045110451
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Göroglygallaönümleri» kärhanasynda 6 müň tonnadan gowrak un öndürildi
Surat: depositphotos.com

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Göroglygallaönümleri» kärhanasynda şu ýylyň ilkinji iki aýynda dürli görnüşli unuň 6 müň tonnadan gowragy halka ýetirilip, önümçiligiň bu ugry boýunça 100 göterim ösüş gazanyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Çörek öndürilýän bölümde taýýarlanylýan çörek we çörek önümleri gyzgyny bilen alyjylara ýetirilýär. Ýanwar-fewral aýlarynda yhlasly zähmet çeken çörek bişirijiler bu önümleriň 27 tonnasyny öndürdiler. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 103,8 göterime barabar boldy.