Turkmenportal logo
Düýn 15:55
1366613666
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Turkish Airlines 29-njy martdan dört ugur boýunça uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar

Türkiýäniň milli awiakompaniýasy Turkish Airlines 2026-njy ýylyň 29-njy martyndan başlap Stambul — Tripoli, Stambul — Sofiýa, Stambul — Porto we Stambul — Lissabon ugurlary boýunça goşmaça uçuşlary ýola goýýar.

Iň uly giňeltme Portugaliýa ugurlaryna degişli bolar: Lissabona hepdede 21 uçuş, Porto şäherine bolsa 17 uçuş amala aşyrylar.

Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa ugry hem hepdede 21 uçuş derejesine çykarylar.

Liwiýanyň paýtagty Tripoli bilen aragatnaşyk hepdede 14 uçuşa çenli artdyrylar.

Bu üýtgeşmeler tomusky uçuşlary dolandyrmagyň maksatnamasynyň çäklerinde güýje girer.

Star Alliance birleşigine girýän Turkish Airlines awiakompaniýasy 1933-nji ýylda diňe 5 uçardan ybarat kiçi flot bilen döredilipdi. Häzirki wagtda kompaniýanyň floty 519 uçardan (ýolagçy we ýük uçarlary) ybarat bolup, ol dünýäniň 132 ýurduna 356 ugur boýunça — şol sanda 303 halkara we 53 içerki ugurlar boýunça uçuşlary amala aşyrýar.