Turkmenportal logo
Düýn 15:23
1044510445
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Volkswagen» girdejileriniň peselmegi sebäpli 50 müň iş ornuny kemeltmekçi
Surat: belta.by

«Volkswagen» konserni köp sanly işgärlerini azaltmakçydygyny yglan etdi, ýagny 2030-njy ýyla çenli ol Germaniýadaky 50 müňe goalý işgärini işden boşadar. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Oliwer Blýume habar berdi diýip, «Bild» neşiri habar berdi.

Munuň sebäbi konserniň girdejileriniň peselmegi, işi täzeden gurnamaga çykdajylaryň artmagy, amerikan import paçlary we «Porsche» golçur kärhanasyndaky kynçylyklar bilen baglydyr.

Ýagny 2025-nji ýylyň jemleri boýunça «Volkswagen» konserniniň girdejileri tas iki esse, ýagny 44 göterim we 6,9 mlrd ýewro çenli pese gaçdy . Bu 2016-njy ýyldaky dizel krizisinden bäri iň ýaramaz netijedir.

Konserniň düşewüntliligi-de tas üýtgemedi we 322 milliard ýewro, satuwlar bolsa takmynan dokuz million awtoulaga deň boldy. Şunuň bilen birlikde, konserniň ulaglaryna isleg Ýewropada we Günorta Amerikada artdy, Hytaýda we Demirgazyk Amerikada pese gaçdy.