Turkmenportal logo
Düýn 15:08
1358313583
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň DIM-inde Awstraliýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Awstraliýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Jon Wilýam Giringiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik dialogy berkitmek, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýa deglip geçildi. Şunda sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Pursatdan peýdalanyp, ilçi Jon Wilýam Giring Eýrandan gelýän Awstraliýanyň raýatlarynyň üstaşyr geçmegine beren goldawy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Awstraliýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmäge gönükdirilen konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.