Turkmenportal logo
Düýn 14:00
77447744
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Phuketde uçar gonýarka uçuş-gonuş zolagyndan çykdy
Surat: news.tek.fm

Hindistandan uçup gelen uçar Phuketiň howa menzilinde howply gonuşy amala aşyrdy. Ýagny Haýdarabat şäherinden göni uçuşy ýerine ýetiren «Boeing 737 MAX 8» howa gämisinde şol wagt 133 ýolagçy bilen jemi 140 adam bardy. Bu barada howa menziliniň metbugat gullugyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

Gonmakçy bolan ýolagçy uçary uçuş-gonuş zolagynyň çäklerinden uzaga süýrendi. Ejir çekenler barada habar berilmeýär.

«Ähli uçuşlar waka bilen baglylykda togtadyldy. Howa menzili işleýär, emma uçarlar uçup-gonup bilmeýär. Biz uçuş-gonuş zolagynyň haçan açyljakdygyny bilemzok» diýip, howa menziliniň metbugat gullugynda aýtdylar.