Turkmenportal logo
Düýn 13:38
2528525285
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýakynda Türkmenistanyň demirgazyk sebitine ýene-de birnäçe ýer gazyjy gämi geler

«Daşoguzýersuwgurluşyk» hojalyk hasaplaşygyndaky önümçilik kärhanasynyň tehnika parky ýakynda Hytaýda öndürilen täze ponton görnüşli ýer gazyjy gämi bilen dolduryldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, ýakynda şunuň ýaly ýer gazyjy gämileriň ýene-de birnäçesiniň gelmegine garaşylýar. Tehnikalar gurnalandan soňra, netijeli ulanmak üçin taýýar ediler. Ýer gazyjy gämi suw howdanlarynyň düýbüni çuňaltmak we arassalamak üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen gämidir. Ol ýokary öndürijiligi we gazuw çuňlugy, gurnamagyň, ulanmagyň hem-de tehniki hyzmat etmegiň ýönekeýligi bilen tapawutlanýar.

Kärhana öz işinde şeýle maksatly tehnikalary, şol sanda Niderlandlarda öndürilen dünýä belli «Beaver» kysymly ýer gazyjy gämileri hem üstünlikli ulanýar.

Şeýle hem kärhananyň ygtyýaryna täze kuwwatly buldozerler, zynjyrly ekskawatorlar we dürli maksatlar üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň birnäçesi gelip gowuşdy.

Habarda bellenilişine görä, welaýatyň hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanasynyň agzybir işgärleri täze zeýkeş we zeýakaba ulgamlaryny çekmek we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işleri bilen meşgullanýar.