Turkmenportal logo
Düýn 12:38
83648364
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şweýsariýada uzynlygy 250 metr jaýryk sebäpli heläkçilikden ätiýaç edýärler
Surat: mperial.livejournal.com

Şweýsariýanyň Wale kantonyndaky baýryň eteginde jaýryk emele geldi. Eger ol ýykylsa, etekde oturan howp tutuş oba abanýar. Geologlaryň bahalandyrmagyna görä, 500 müň kubmetre çenli toprak obany basyp biler diýip, «Kronen Zeitung» gazetine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.

Hünärmenler jaýrygyň giňelýändigini kesgitlediler. Her gün ol 2—4 millimetr giňeýär. Häzir jaýrygyň uzynlygy 250 metr, ini 80 santimetrden 1 metre çenli. Heläkçilik ýüze çyksa, Çippis obasy ýitip biler. Bu bolsa, öz gezeginde Nawizens derýasynyň joşmagyna we sil joşgunlaryna getirer. Derýa ilaty 1500 adam bolan Çippis obasynyň içinden akyp geçýär. Ýerli häkimiýetler ätiýaçlyk çäresi hökmünde adamlary göçürmäge taýýarlanýarlar. Jaýryk ýagdaýa laýyklykda gyssagly çözgütleri işläp düzmek üçin her gün gözegçilikde saklanýar.