Turkmenportal logo
Düýn 12:11
1128711287
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Minsk halkara kitap sergi‑ýarmarkasyna gatnaşar

17–22-nji mart aralygynda Minsk şäherinde GDA-nyň giňişligindäki iň iri kitap forumlarynyň biri hasaplanýan XXXIII Halkara kitap sergi‑ýarmarkasy geçiriler. Çäre Pobediteli şaýolunyň 14‑nji jaýynda ýerleşýän administratiw toplumda guralar. Myhmanlar üçin giriş mugt bolar — diýip, belta.by saýty habar berýär.

Bu ýyl sergä 23 ýurtdan takmynan 500 sany gatnaşyjy gatnaşar. Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tematik günleriniň çäklerinde çykyş eder: 20-nji martda forumyň merkezi sahnasynda Türkmenistanyň güni geçiriler, ol Özbegistanyň güni bilen bilelikde guralar.

GDA-nyň her bir döwletine milli edebiýatyny we täze kitaplaryny görkezmek üçin aýratyn meýdança berler. Serginiň merkezi ekspozisiýasy GDA ýurtlarynyň edebiýat we neşirýat taslamalaryna, şeýle hem döwletleriň medeni ulgamdaky hyzmatdaşlygyna bagyşlanar.

Forumyň maksatnamasyna «Ýazyjy we zamana» atly halkara edebiýat simpoziumy, awtorlaryň okyjylar bilen duşuşyklary, täze neşirleriň tanyşdyrylyşy, awtograf sessiýalary we neşirýat pudagynyň wekilleriniň duşuşyklary girýär. Şeýle hem çagalar edebiýatyna, bilim taslamalaryna we kitaplary neşir etmekdäki sanly başlangyçlara bagyşlanan aýratyn meýdançalar guralar.

Sergi her gün sagat 10:00‑dan 19:00‑a çenli işleýär. Çäräniň açylyş dabarasy 17-nji martda sagat 12:00‑da geçiriler.