Turkmenportal logo
Şu gün 10:34
99769976
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýagşymyradow 16‑njy aprelde Belfastdaky PFL ýaryşynda Pedro bilen tutluşar

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow (25‑8‑1) 16‑njy aprelde Belfast şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro (10‑5) bilen duşuşar. Tutluşyk ýarym orta agram derejesinde geçiriler.

Liganyň häzirki reýtinginde Ýagşymyradow ikinji orunda, Pedro bolsa sekizinji orunda ýerleşýär. Awstraliýaly türgen üçin bu duşuşyk PFL‑de ilkinji çykyş bolar. Iki ýyl ozal Pedro UFC‑de ýeňlenden soň MMA-da çykyş etmegini tamamlandygyny yglan edipdi.

PFL ýaryşynyň ýarym orta agramdaky häzirki çempiony amerikaly Kori Andersondyr (20‑6, 1 NC). 2025‑nji ýylyň oktýabrynda Anderson Dubaýda geçirilen PFL ýaryşynda eminleriň karary bilen Ýagşymyradowy ýeňip, çempionlyk guşagyny gazanypdy.

Ýagşymyradow dürli ýyllarda ACB we ACA guramalarynyň çempiony boldy, 2024‑nji ýylda bolsa PFL‑iň ýarym agyr agram derejesinde Gran‑pri gazanmagy başarypdy.