Turkmenportal logo
Şu gün 10:16
65336533
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pekinde bilim ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary G.Ş.Myradalyýew we HHR-iň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Gao Çžen bilelikde başlyklyk etdiler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, taraplar bilim, adam maýasyny ösdürmek, hytaý dili we akademiki hyzmatdaşlyk ýaly ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Esasy üns akademiki elýeterlilige, hünärmenleri taýýarlamagyň hiline we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ulgamlaýyn esasda ösdürmäge berildi.

2025-2026-njy okuw ýylynyň maglumatlaryna görä, HHR-iň ýokary okuw mekdeplerinde 7 müňden gowrak türkmenistanly talyp bilim alýar. Şunuň bilen baglylykda, okuwa girjek dalaşgärleriň akademiki taýýarlygyny ýokarlandyrmak we olaryň bilim derejesini deslapdan baha bermek mehanizmlerini synagdan geçirmek baradaky tekliplere seredildi.

Şeýle hem hytaý dili mugallymlarynyň hünärini ýokarlandyrmak we okuw-usulyýet gollanmalaryny bilelikde taýýarlamak boýunça başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ylmy maslahatlara we olimpiadalara gatnaşygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirildi.

Çeşmäniň bellemegine görä, taraplar jemleýji resminamalary ylalaşdylar we ynsanperwer hem-de bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň indiki ädimlerini berkidýän Teswirnama gol çekdiler.