Türkmen türgenleri şu ýylyň ýanwar‑fewral aýlarynda halkara ýaryşlarynda jemi 23 medal gazandylar. Bu barada hökümetiň mejlisinde wise‑premýer Batyr Mämmedow hasabat berdi — diýip, TDH agentligi habar berýär.
Hasabata görä, hasabat döwründe mekdep okuwçylary we talyplar halkara ders we internet olimpiadalaryna gatnaşyp, dürli derejedäki medallara mynasyp boldular. Abraýly ýokary okuw mekdepleri, diplomatik wekilhanalar bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklar, maslahatlar, okuw sapaklary geçirildi. Ylym ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi. 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň, kliniki ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. Paýtagtymyzda “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog” atly halkara okuw maslahaty ýokary derejede geçirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow netijeleri jemläp, ýurdumyzda ýaş nesli terbiýelemäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge uly ähmiýet berilýändigini, şoňa görä-de, bilim bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi hem-de ylmy barlaglaryň netijeliligine, sportuň ösdürilmegine we saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegine üns bermegi tabşyrdy.