Turkmenportal logo
Düýn 13:37
87758775
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Yrak Aşgabatda öz ilçihanasyny açdy

Aşgabatda Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasy öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşdy. 

Duşuşygyň başynda S.Muhammetdurdyýew yrak tarapyna Aşgabat şäherinde Yrak Respublikasynyň ilçihanasyny açmak baradaky karary üçin minnetdarlyk bildirdi diýlip, habarda bellenilýär. 

Bellenilişi ýaly, Aşgabatda Yragyň diplomatik wekilhanasynyň açylmagy iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berer. 

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.