Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň dört sany zalynda döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Suratkeşler birleşiginiň, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň gatnaşmagynda bilelikdäki uly çeperçilik sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.
Muzeýiň girişindäki zalynda baharyň we gözelligiň baýramçylyk ruhuny döredýän janly hem-de emeli güllerden ybarat kompozisiýalar ýerleşdirilip, serginiň açylyş dabarasynda gadymy saz gurallarynda ýerine ýetirilen sazlar we täze lybaslaryň moda görkezilişi boldy.
Zallaryň birinde Gündogaryň güýçli sungat mekdebiniň (UŞIW) we onuň meşhur şägirdi, ilkinji professional türkmen suratkeşi Bäşim Nuralynyň döredijilik dünýäsi gaýtadan janlandyrylyp, onda Çeperçilik akademiýasynyň talyby Jumamyrat Gurbanow suratkeşiň keşbinde çykyş etdi hem-de ussatlyk sapaklaryny geçdi.
Bu mekdebiň beýleki belli şägirtleri bolan Olga Mizgirýowanyň we Sergeý Beglýarowyň suratlarynyň öňünde heýkeltaraşlyk we keramika boýunça amaly okuwlar guraldy. Şeýle-de sergide muzeýiň hemişelik gaznasyndan alnan daşary ýurtly suratkeşleriň eserlerine, şol sanda Nazar Ýomudskiniň «Aýalynyň portreti», Walentin Serowyň «Zenan portreti» we fransuz suratkeşi Eduard de Býuryň eserine uly orun berildi.