Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli «Amul — Hazar» atly atly ýöriş geçiriler. Oňa Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, şeýle hem ýurduň sebitlerinden ahalteke bedewleri bilen 35 sany çapyksuwar gatnaşar. Çäreler ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň çäklerinde geçirilýär diýip, TDH habar berýär.
Şanly senäniň hormatyna paýtagtyň we welaýatlaryň atçylyk sport toplumlarynda baýramçylyk bäsleşikleri geçiriler. Şeýle hem Türkmenistanyň gözel künjekleri boýunça atly syýahat gezelençleri meýilleşdirilýär.
Ýubileý ýylynyň maksatnamasyna atçylyk ulgamyndaky içerki çäreleriň giň gerimi girizildi. Olaryň arasynda – Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi we «Türkmen bedewi we dünýäniň atçylyk sungaty» atly XVIII Halkara ylmy maslahaty bar. «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» halkara bäsleşigi geçiriler. Bu gezek oňa soňky 10 ýylyň dowamynda bäsleşigiň ýeňijisi bolan çempion atlar gatnaşar. Şeýle hem ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadynyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilmegine bagyşlanan forum meýilleşdirildi.
Halkara gün tertibi hem örän baý bolar diýlip garaşylýar. Türkmen wekiliýeti Dubaýdaky abraýly «Dubai World Cup 2026» at çapyşyklaryna, Windzordaky «Royal Windsor Horse Show 2026» atly baýramçylyk çäresinde, Aahendäki «FEI World Championship 2026» çempionatyna, Niderlandlardaky ýaş türgenleriň arasyndaky «FEI Jumping Nations Cup Youth» bäsleşigine, Pariždäki Longşan ippodromynda geçiriljek dünýä belli «Prix de l'Arc de Triomphe» çapyşyklaryna, Weronadaky «Fieracavalli 2026» atçylyk festiwalyna, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli gününe bagyşlanan atly ýaryşlara gatnaşar.
Ahalteke bedewleri daşary ýurtlardaky bäsleşiklerde hem çykyş ederler: Özbegistandaky «Gündogaryň merjeni» atçylyk sport bäsleşiklerinde, Wengriýadaky «Gurultaý» halkara baýramçylyk çärelerinde, şeýle hem Niderlandlardaky ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginde.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň daşary ýurt saparlary, şol sanda Hytaý Halk Respublikasyna sapary meýilleşdirilýär.
Mundan ozal, 4-nji martda topar Baku şäherinde uly üstünlik bilen çykyş etdi. Türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjana saparynyň dowamynda «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň arasynda atçylyk sporty we atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.