Turkmenportal logo
Düýn 22:58
1603316033
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan BMG-däki ilçisni başga işe geçmegi sebäpli wezipesinden boşatdy

Bu barada şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Aksoltan Töräýewna Ataýewa başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili, Türkmenistanyň Kuba Respublikasyndaky, Braziliýa Federatiw Respublikasyndaky, Wenesuela Boliwarian Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine Wepa Segsengeldiýewiç Hajyýew bellenilip, ol Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky (Ženewa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) hemişelik wekili, Türkmenistanyň Watikandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.