Turkmenportal logo
Şu gün 10:01
38593859
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde awtomobil ýollarynyň ulgamy döwrebaplaşdyrylýar

Şu günler Daşoguz welaýatynyň awtomobil ýollaryny ulanmak baradaky müdirliginiň işgärleri Boldumsaz etrabynyň «Zähmetkeş» daýhan birleşigine barýan awtomobil ýolunyň bir bölegini döwrebaplaşdyrmak bilen meşgullanýarlar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, bu ýerde ýoluň bir ýarym kilometrlik böleginde asfalt düşemek işleri geçirilýär.

Şuňa meňzeş çäreler Boldumsaz we Akdepe etraplarynyň oba ýerlerinde, şeýle hem Daşoguz şäheriniň käbir beýleki awtomobil ýollarynyň aýry-aýry böleklerinde amala aşyrylýar.

Müdirligiň hünärmenleri şu ýyl sebitiň dürli künjeklerinde degişli işleriň uly möçberini ýerine ýetirmegi meýilleşdirýärler. Olary asfalt bilen esasan Gubadag etrabynda ýerleşýän zawod üpjün edýär.

Şu günki günde Daşoguz welaýaty ösen ýol-ulag düzümine eýedir. Ulag geçelgeleriniň we kommunikasiýalarynyň ulgamynyň talabalaýyk saklanmagy, şeýle hem bar bolan serişdeler we şertler sebitde ýük we ýolagçy gatnatmagyň möçberleriniň yzygiderli artmagyna ýardam edýär diýip, çeşme belleýär.