Balkan welaýatynyň zähmet toparlary ýylyň geçen hasabat döwrüni ýokary üstünlikler bilen jemlemegi başardylar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň welaýatyň çäginde iş alyp barýan bölümlerinde ýetilen sepgitler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Müdirligiň Balkanabat toplumlaýyn geofiziki ekspedisiýasynyň gazanan zähmet netijesi has-da guwandyryjydyr. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, olaryň şu ýylyň başynda ýerine ýetiren gözleg-barlag we geofiziki işleriniň möçberi 2 million 460 müň manatlyga golaý boldy. Munuň özi göz öňünde tutulan meýilnamanyň 109,8 göterim berjaý edilendigini aňladýar.
«Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň ýerlerdäki bölümleri «Türkmennebit» döwlet konserninde amala aşyrylýan işlere mynasyp goşant goşýar. Burawlanan, şeýle hem gazuw işleri dowam edýän guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny içgin öwrenmek zerur bolan çäreleri takyk amala aşyrmak ýaly gaýragoýulmasyz işleriň giň toplumy hut şu müdirligiň geofizikleriniň tagallasyna bagly bolup durýar. Anyk kesgitlemeleri we çözgütleri talap edýän bu möhüm işlerde kuwwatly awtoulaglarda oturdylan göçme barlaghanalar, şeýle hem öňdebaryjy tehnologiýalardyr enjamlar netijeli ulanylýar.